mahabat mudirligi

Gülsoltan Halmämmedowa

ZEHINIŇ “ZERGÄRI”

Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluna berýän çäksiz üns-aladasynyň neneňsi wajyplygyna ýyllar geçdigiçe barha çuňňur akyl ýetirýärsiň. Halypam Baýram Abdyllaýewiň bize – şägirtlerine diňe bir kär, hünär babatynda däl, eýsem-de bolsa durmuş babatynda hem bahasyz sapak berendigini durmuş ýollaryndaky gabat gelýän her-hili synaglarda ýene-de bir ýola göz ýetirýärsiň.Göwheriñ hak ussasyna duşýança ýönekeý daş bolup galyşy ýaly, hak zehinli adamlaram diñe zehinlilere gadyr goýýan adamlaryñ yhlasy bilen äleme äşgär bolýarlar. Halypalar hak zehiniñ zergärleridir.

Ýöne halypalaryň ýene-de bir görnüşi bar. Olar saňa ýörite derslerden sapak bermese-de özüni alyp barşy, ömri, ykbaly baky sapak hökmünde hakydaňa siňýär. Siz bilen paýlaşmak isleýän bu makalamyz hem hut şeýle ynsanlaryň birine bagyşlanandyr. Sungatda, ylymda, döredijilikde özboluşly şägirtlik mekdebi hökmünde ömri nusga adamlaryň aramyzda ýaşap ýören mahaly gadryny gymmat bilmek bolsa bize Gahryman Arkadagymyzdan gelýän beýik nusgalyk göreldedir.

Meniň bu gezek size gürrüň berjek bolýan halypama Gülsoltan Halmämmedowa diýýärler. Ol tutuş ömrüni kino sungatyna bagyş eden zenan. 1941-nji ýylyň güýz aýynda Aşgabatda eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary urşuň başlanmagy bilen, durmuşa gadam basýar. Kakasy meýletin urşa gidip, Stalingratdan tä Kaliningrada çenli ýetip ýeňiş bilen yzyna dolanyp gelýär. Şol ýyllar ejesi gyzy Gülsoltany alyp Tejene Babadaýhana göçüp barýar we kolhoz başlygy bolup işleýär. Gülsoltan bolsa garry enesiniň elinde terbiýelenýär. Uruş tamamlanyp, kakasy dolanyp gelýär. Soňra ony iş bilen Daşoguz welaýatyna ýollaýarlar. Gülsoltanyň mekdep ýyllary şol ýerde geçýär. Mekdebi tamamlap, Lelingradyň kinoinžinerçilik institutyna okuwa gidip, bu hünäri ele alýar. Entek talyplyk ýyllary “Daş galadaky waka” atly çeper filminde surata düşürilýär. Okuwy tamamlap Watanyna dolanyp, Kinostudiýada kinoinžiner bolup işe başlaýar. Soňra Gülsoltanyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmedini göz öňünde tutup, Alty Garlyýew adymdaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenilýär. Soňra ol öz ornuny ýaş gujurly ýaşlara geçirmek maksady bilen Kerim Annanowy ol wezipä hödürleýär. Özi bolsa Kinematografiýaçylar birleşiginiň ýolbaşçysy bolup işini dowam etdirýär. Ol şu wagta çenli täze kinoçylary ýüze çykarmakda jan aýaman zähmet çekip gelýär. Esasy işiniň daşyndan bolsa Medeniýet ministrliginiň Sungat mekdebinde bilim alýan talyplara has takygy kino we teatr hünärmenlerine kino ugry boýunça uzak ýyllaryň dowamynda bilim berip gelýär.

Bir gün bizi Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigine gyssagly çagyrdylar. Barsam Şirli Mollaýew, Sähragül Janmämmedowa, Pälwan Geldiýew dagylar hem bardy. Halypalar Gapbar Hümmedow, Öwez Welmyradow, Roza Kuliýewa, Çaryýar Seýidow dagylar bolsa garşymyzda oturan ekenler. Az salymdan “Kinematografiýaçylar” birleşiginiň başlygy Gülsoltan Halmämmedowa gelip, hoşamaýlyk, sypaýylyk bilen salamlaşyp, söze başlady:

-Hormatly ýaş kinoçylar! Biz siziň ýaşlygyňyza garamazdan, şu wagta çenli işlän eserleriňize tomaşa edip, biziň yzymyzy dowam edip biljek kinoçylaryň barlygyna begendik hem sizi öz Kinematografiýaçylar birleşigimiziň agzalygyna kabul etmekligi makulladyk: -diýip, bize şahadatnamalarymyzy elimizden gysyp gowşurdy. Nury Halmämmedowyň maşgalasyndan beýle uly hormata eýe bolup, halypalaryň aýratynlykda gutlap ýagşy sözleri aýtmaklary bize ak pata berildi diýip düşünýärdik. Biziň üçin durmuşda iň bir ýatdan çykmajak bagtly pursatlardy. Sebäbi, ol alan şahadatnamamyz kino akademiýasynyň “Oskar” baýragyny alan dek derejedäki arzuwymdy. Meniň özümiň iň ýaş kinoçy hökmünde halypalaryň ynamyny ödäp bilenligim bolsa diýseň begendirýärdi. Şol hatarda hem gelejege biliňi berk guşap bildirilen ynamy, has-da beýgeldip, döredijilikde täze-täze eserleri döretmäge borçlandyrýardy.

Gülsoltan halypa meni tanaýandyr hem öýtmeýärdim. Ol asyl meniň ähli surata düşüren kinolarym bilen tanyş ekeni. Soň ol bizi öz mukaddes ojagyna myhmançylyga çagyrdy. Myhmanlaryň arasynda ýurdumyzyň Halk sazandasy Mylly Täçmyradowyň çowlugy Maýa Kuliýewa adyndaky türkmen döwlet Konserwatoriýasynyň halypa mugallymy meşhur kompozitor Meret Annamyradow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary zehinli şahyr Gülşirin Hanowa we ýaş aýdymçy-kompozitor ýigit Mekan Nuryýew hem bardy. Gülsoltan halypa bizi ýöne ýerden çagyrmandyr. Onuň maksady Nury Halmämmedowyň edim-gylymlaryny özüne ýol ýörelge edinip, ýaşaýar ekeni. Nury Halmämmedi Gülsoltan halypa bilen deň derejede agzamagymyň özüne ýetesi sebäbi bar. Olar bile biten ýaly aýry göz öňüne getirmeklik mümkin hem däl. Sebäbi Gülsoltan mugallym Nury Halmämmedi ýatlaýaň welin gözleri ýagtylyp, birhili dikgeripjik, ýaş kaddyna dolanyp gelen ýaly bolýar. Onuň özi söze başlasa welin daýanyp, bir ýerlerden gujur gaýrat ony dessine gurşap alýar. Ony hut şu duýgular ýaşadýan bolmaly. Ol bize ynha şeýle gürrüň berdi:

-Nuryjan hemişe öz ýaranlaryny çagyryp, täze ýazan eserlerini diňledip, pikirlerini eşiderdi. Gurbannazar Eziz, Atageldi Garýagdy üçüsi nädip aýtsamkam, bir bitewi daragyta üç ägirt uly şaha kimin, olaryň köki-damary birdi. Biri bolmasa, beýlekilerinden derek ýok hasaplardylar. Olar aýratynlykda öz ugurlarynyň ussady hem bolsalarda, birigen mahallary aýratyn bir düýäni döredýärdiler. Men olaryň çaýyna-suwuna seredip, beýleki otagda Gurbannazaryň täze setirlerini öz okamagynda öýümize şugla saçardy. Men özümiň şeýle ynsanlar bilen döwürdeşdigime buýsanardym. Goşgularyndan ruhlanan Nury täze sazlary ýazardy. Olar şeýde-şeýde setirleri saza geçirerdiler. Soňra bolsa Atageldini çagyryp, diňlederdiler. Ol bolsa öz gezeginde halka garşyn atazlap duran bu esere sesini goşup, öýüň içini ýaňlandyryp ala-ýaza öwürerdiler. Şeýdip olaryň gerimi giňäp, kinorežissýorlar Alty Garlyýew, Halmämmet Kakabaýew, Osman Saparow, Sapar Mollanyýazow ýaly egindeşleri gelip, täze dörän sungat eseri barada öz pikirlerini aýdyp, daňa çenli söhbet ederdiler: -diýip, çuň pikire, ýatlamalar ummanyna siňip, uludan demini alyp, gözlerini bir nokada dikip oýlandy.Kinorežissýor hökmünde oturyp pikir edýärin, Gülsoltan halypa bizi bir ýere üýşürip, şol döwürleri şu gün janlandyrmaga çalyşýan ýalydy. Biziň tanyşlygymyz çuňlaşyp, her haýsymyz sungata nädip gelenligimiz barada gürrüň berýärdik. Halypa bolsa biziň daşymyzdan guwanyp:-“men öz etmeli işimi etdim, seret Nury! Bular seniň mukaddes ýoluňy dowam etjek ýaşlar” –diýip, onuň ruhy bilen gürleşip oturan ýalydy.

Meret Halypa Nury Halmmämedowyň iň gowy görýän zehinli şägirdi eken. Ol Halypasy barada köp gyzykly wakalary gürrüň berdi. Soňra bolsa beýleki otaglaryň birine kimdir biri çagyrýan ýaly turup gitdi.Gülsoltan halypa:-ýörüň onuň ýanyna baralyň: -diýip, bizi hem onuň giden otagyna alyp bardy.Meret aga halypasy Nury Halmämmedowyň öz elleri bilen çalan goňurymtyl, ýaldyrawuk, üstünden ýarym asyr wagt geçse-de, edil täzeje ýaly saklanan pianinonyň öňünde durdy. Ol pianinonyň üstüne örtülen ap-ak örtügi emaý bilen aýyryp, ýüzüne sylyp, gözlerine ýaş inip:

-Halypamyň elleri gezmelän saz guralyda bi. Ol meni sapakdan soň öýüne hut şu ýere çagyryp, sazlaryny çalyp bererdi: -diýip, usullyk bilen klawişleriň üstünde ellerini iki bakan ýöredip, halypasynyň ruhyny duýýan kibi sözsüz sözleşdi-de geçip oturdy.Soňra bolsa ýuwaşlyk bilen saz çalyp başlady. Kem-kemden bat alyp barýan sazyň sesi soňa-baka güýçlenip, älem jahana ýaň salýan ýalydy. Biz ýaş ýörjen-ýörjenler üçin bolsa düşündirip bolmajak bir täsirli täsinlikdi. Meret aga sazyň içine şeýle bir siňipdi welin, ony saklajak gümanyň ýokdy. Daglardan joşup gaýdýan dag çeşmelerini göz öňüňe getirýärdi. Şükür bagşy kinofilminiň finalynda ýaňlanýan sazy çalanda kalbyň lerzana gelýärdi. Aňyňa möhür bolup basyljak taryhy pursatlary başdan geçirýärdik.

Gahryman Arkadagmyz medeniýetiň-sungatyň Hak aşygy hem howandary. Kinoteatrlarymyzda we teleýaýlymlarymyzda Şyhmyrat Annamyradwyň “Sazlaşyk”, “Söýgi”, “Dostlyk” we birnäçe telegepleşikler taýýarlanylyp halk köpçüligine hödürlenildi. Täze döredilen simfoniki orkestr bolsa Mukamlar köşgüniň sahnasynda meşhur saz eserlerini bezegi ýerleşdirilen filimleri görkezilmegi bilen uly konsert berdiler. Bu konsertiň ýazgysyny “Edebiýat we sungat” gazetiniň halypa ýazyjylary Süleýman Ilamanow bilen Meretgylyç Ýagmyrow dagylar teleýaýlymda diňläp ganyp bilmedik, öýde hemişe hemme ýerde diňläp gezer ýaly wideo ýazgysyny ýadygärlik soradylar. Men olaryň haýyşyny ýerine ýetirdim. Olar ýazgyny alyp Nury Halmämmede uly sylag-sarpa goýýandyklaryny aýdyp, gaty begendiler. Özüm hem ol ýazgyny işden boşaşan wagtym heziller edip, dynç alyp diňleýärin.

Nury Hälmämmedowyň meşhurlyga eýe bolmagyna Gülsoltan gelnejemiziň tutýan orny gaty uly, hem ygtybarly. Sebäbi ol, durky bilen onuň sungatyna düşünip, halk bilen ony deň derejede söýdi hem hormatlady. Ol şu günler hem ýanýoldaşynyň ruhuny şat etmekligini dowam edýär. Durmuşda edil bar ýaly hereketlerini peseltmeýär. Beter onuň öňki bolan abraýyny artdyrmak ugrunda alada edinýär. Her ýyl Russiýanyň şäherlerinde sazandalaryň ýygnanyşyp, medeni çäre guralyp, ol ýerde ýaşaýan raýatlarymyz we bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda bellemeklik eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda däbe öwrülip gitdi. Elbetde bu aladalaryň aňyrsynda Hormatly Prezidentimiziň Nury Halmämmede goýýan sylag-hormaty hem Gülsotan halypanyň öz mährem, meşhur ýaryna bolan çäksiz söýgüsi ýatyr. Gülsoltan halypa dünýäniň gaty köp döwletlerinden yzygiderli ýüztutmalar gelip gowuşýar. Ol saz sungatyny söýüjiler Halmämmedowyň sazlary haýsy döwletiň halkylygyňa garamazdan hemmeler üçin düşnükli, diýip adýarlar we öz ýurtlarynda onuň hatyrasyna medeni duşuşyklary geçirmek boýunça teklipleriň yzy üzülmeýär. Onuň “Nar agajy” sazyny diňlänimde 2-nji çagalar sazçylyk mekdebine gatnap başlan döwrümde bu sazy öwrenip, begenip öýe gelip, garry atama çalyp beren ýagşy ýatlamalarym aňymda aýlanýar.

Kärdeşim Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kinooperatory Nurmuhammet Borjakow şeýle gürrüň berýär. Ol, ýyllyk işini surata düşürýär. Dokumental filmiň wakasy, Russiýanyň tokaýly obalarynyň birinde tomus günleri ýangyn düşüp, bir obany ot alýar. Bu pajygaly pursady surata düşüren ýaş operator sepleýiş döwründe Keçpelek saz eseri bilen filmi synag toparyna gowşurýar. Synag topary şekiliň gamgynlygyna sazyň goşandynyň, täsiriniň has-da uludygyny, tragiki wakany has beter janlandyryp, ajy gözýaşlar bilen tomaşa edip, kalbymyzy elendirdi diýip, haýran galmak bilen türkmen kompozitorynyň waspyny ýetirip, Nurmuhammediň bu işine uly baha berýärler. Men bu wakany Gülsoltan halypa gürrüň beremde ol, mähirli ýylgyryş bilen bir agyz söz diýmän, ýöne onuň gözlerinden:

-Wah men bu zatlary bilýänle. Onuň eserleri bilen bolan wakalary agtaryp başlasam soňuna çykyp boljakmy diýsene eýse: -diýýän ýalydy.

Halypam Baýram Abdyllaýew “Gumly gelniň aýdymy” eserini kino geçirilende Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” saz eserini bir sahnada görýänligini aýtdy. Saz diňläniňde ennamyňy jümşüldedip, seni öz erkiňe goýmaýar. Muny göterjek şekilleri nädip surata düşürerkäk diýýärdim Halypa Şirli Mollaýew bilen filmde baş gahrymanlaryň gatnaşyklarynyň dartgynly, hem pajygaly tragiki ykballarynyň hem düşünişmezlikli durmuşdan ýadap, bu ýagdaýlardan baş alyp çykjak bolýan ýaş çatynjalaryň içinde gopýan harasady sözsüz, gepsiz-gürrüňsiz saz eseri özi gürrüň berip otyrdy. Şekil bilen bile biten ýaly bolan bu sahna filme öz mynasyp degerli täsirini ýetiripdi.

Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan joşup çykýan eserlerinde türkmeni dünýä tanadan sungat adamlaryna uly baha berýär we olary hatyralap gelýär. “Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy” eserinde hem Nury Halmämmedow ýaly ägirtler barasynda gyzyla gaplaýmaly çuň manyly sözleri we buýsançly taryhy wakalary beýan edýär. Bize ýaş döredijilik işgärlerine arkamyzda sungatyň hak howandary durka, diňe döredip, gurup ýaşamak galýar.