/

Miras Çeşmesi

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa (d. Maý 1, 1920) Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da ene­den do­gul­dy. 1938 — 1941-nji ýyl­lar­da Mosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da okap, ope­ra teat­ry­nyň aý­dym­çy­sy hü­nä­ri­ni ele al­dy.

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň aja­ýyp se­si, ar­tist­lik ze­hi­ni, dra­ma uky­by aý­dym­çy ze­na­na uly meş­hur­lyk ge­tir­di. Ol öz aý­dym­la­ry bi­len dün­ýä ýü­zü­ne aý­la­nyp, türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len ta­nyş­dyr­dy.

Ol zäh­met ýo­lu­na 1941-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki ope­ra we ba­let teat­ry­nyň ikin­ji de­re­je­li ar­tis­ti bo­lup baş­la­dy.[2] 1945 — 1992-nji ýyl­lar­da şol teat­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li ope­ra so­lis­ti, 1992 — 2001-nji ýyl­lar­da baş re­žiss­ýo­ry, oýun go­ýu­jy re­žiss­ýo­ry, 2010-njy ýyl­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry­nyň sah­na us­sa­dy de­re­je­si bo­ýun­ça dra­ma ar­tis­ti we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di.