2019-njy ýyl "Türkmenistan-rowaçlygyň Watany" ýyly

"Mawy Yşyk"

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Mawy Yşyk" başlangyç hünär okuw mekdebi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda alyp barýan bilim syýasatynyň esasynda “Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, telewideniýede, radioda, mahabat işleri şeýle-de kino sungaty üçin ökde hünärmenleri taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. “Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde öz işine ussat hünärmenler talyp ýaşlara degişli ugurlardan sapak berýärler. Bu mekdepde häzirki wagtda 10 (on) hünär boýunça bilim berilýär.
1. Teleradio, režissýorlyk işi;
2. Teleradio gepleşikleri guramak we taýýarlamak;
3. Ses režissýorynyň kömekçisi;
4. Montažyň režissýory;
5. Telekinooperatorçylyk işi;
6. Guramaçy režissýoryň kömekçisi;
7. Kompýuter montažçy;
8. Sport synçysy;
9. Buhgalterçilik işi;
10. Maglumatlar ulgamy boýunça işi ýörediji.
Okuwyň möhleti 1,5 ýyl. Bize okamaga geliň.