2019-njy ýyl "Türkmenistan-rowaçlygyň Watany" ýyly

“Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde Açyk gapylar güni geçirildi.

2019-05-03

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli ösüşleriň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz sözüň doly manysynda bedew bady bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýan, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jennet mekanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary raýatlarymyzy döredijilik zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Sanly ýyllaryň içinde durmuşa geçirilen işler, beýik maksatnamalar bilen halkyň ýüreginde ýer alan döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir döwürde gazanan sepgitlerini döredijilikli ösdürýär. Ylaýta-da ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde 2019-njy ýylyň maý aýynyň 2-ne Açyk gapylar güni geçirildi. Açyk gapylar güni mynasybetli okuw mekdebimize mekdep okuwçylary şeýle-de birnäçe myhmanlar geldiler. Olar okuw mekdebinde okadylýan dersler, hünärler bilen içgin tanyşdylar. Şeýle-de sapaklara gatnaşyp her hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. Okuw mekdebimiziň girelge zalynda tanyşdyrylyş sergisi görkezildi.

Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde telewideniýä, kino we mahabata degişli ugurlardan ýaşlara bilim berilýär. Her hünär boýunça kärine ussat mugallymlar bilim berýärler. Talyplar nazarýetde alan bilimlerini tejribelikde has-da berkidýärler. Açyk gapylar güni mynasybetli telewideniýäniň döredijilik topary, Oguz han adyndaky türkmenfilm birleşigi, mahabat müdirligi özleriniň surata düşürýän filmlerinde, gepleşiklerinde ulanýan enjamlaryny, has kämilleşen ulgamlarny sergide görkezdiler.

Häzirki telekommunikasiýa ulgamynyň güýçli depginler bilen ösýän zamanasynda milli medeni mirasymyzyň genji-hazynalaryny toplap, ony jemgyýete ýetirmek meselesi esasy wezipeleriň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň türkmen telewideniýesinde yzygiderli alnyp görkezilmegi milli ahlak gylyk häsiýetlerini ýaşlaryň aňyna siňdirmekde, ruhy medeniýetimizi jemgyýete ýaýratmakda uly ähmiýete eýedir. Wakalary janly, ýanyňda ýaly görkezmekde, şekilleri halka ýetirmekde telewideniýe we radio gepleşikleriniň uly orny bardyr. Şeýle-de türkmen telewideniýesinde taýýarlanýan gepleşikleriň hil we many taýdan gowy bolmaklygy, döredijilik toparynyň işgärleriniň her bir edýän işlerini ýagny wezipe borçlaryna has aýdyň düşünmekleri üçin ýörite hünärmenler taýýarlanýar.

 “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bu gün öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Eşret zamanamyzyň bagtyýar hem-de abadan günleriniň kerwenini çekip barýan ata watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Esasy maksat-ösüp gelýän ýaş nesli dogry ýola ugrukdyryp, watansöýüjiligi, ýokary adamkärçiligi olara ündäp, durmuşyň öňde goýan meselelerini ruhubelentlik bilen çözmegi, her bir işde paýhasly hereket etmegi ýaşlara öwretmekden ybaratdyr. Bu ýörelgeleriň ählisi“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” öz beýanyny tapandyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde hem ýaşlara uly ynam bildirilýär. “Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilen Açyk gapylar güni uly gyzyklanma bilen dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy, işlemegi, ýaşamagy ugrundaky edýän taýsyz atalyk aladalary we bu babatda durmuşa geçirilýän özgertmeleri ýaş nesliň işlemäge bolan höwesini , Watanymyza, Hormatly Prezidentimize bolan söýgüsini has-da artdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özümiz üçin edilýän her bir aladany ýürekden duýmak, ata Watanymyza, il halkymyza hyzmat etmek bagtyna eýe bolmak, gör nähili uly buýsançdyr. Şeýle ösüşler özgerişler Milli lidermiziň pähim-paýhasy bilen gazanylýar. Bizi bagtly günlere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn!

Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Aýjan Haýytbaýewa